Täze Zelandiýanyň Premýer ministri kowid ýaýrawy zerarly öz toýuny ýatyrdy

  • 24.01.2022 23:53
  • 12k+

Täze Zelandiýanyň Premýer ministri Jasinda Ardern telealypbaryjy Klark Geýford bilen boljak toýuny ýatyrdy. Premýer ministr bu karara omikron ştammy bilen kesellemäniň artmagy zerarly ýurtda çäklendirmeleriň iň ýokary derejesine geçmek barada yglan edilenden soň gelendigini habar berdi diýip, BBC habar berýär.

"Men pandemiýa has agyr täsirini ýetiren, ilkinji nobatda, agyr ýaraly ýatan wagty ýakynlaryň ýanynda bolup bilmezlikden ejir çekýän müňlerçe beýleki täze zelandiýalylardan hiç hili tapawutlanmaýandygymy aýtmakdan çekinmeýärin. Bu meniň häzirki başdan geçirýän ýagdaýymdan has agyr» - diýip, Ardern žurnalistlere habar berdi.

Kowide garşy täze düzgünlere laýyklykda, islendik köpçülikleýin çärä sanjym alan 100 adamdan geçmeýän we eger sanjym güwänamasy ýok bolsa, 25 adamdan geçmeýän adamlar topary ýygnanyp bilýär. Mundan başga-da, dükanlarda, mekdeplerde we jemgyýetçilik ulaglarynda hökmany suratda agyz-burun örtükleri dakylmaly. Bu düzgüne şeýle hem dördünji synpdan başlaýan okuwçylar hem eýermeli.
Bu günki gün Täze Zelandiýada 15104 sany kowid bilen keselleme ýagdaýy we bu keselden 52 sany aradan çykma ýagdaýy hasaba alyndy.


30.11.2025 10:09
9.3k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.6k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.6k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

06.09.2025 17:19
11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...