Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

  • 12.10.2025 11:14
  • 9.7k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar.

Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady. Ol täze adyny resmi taýdan hasaba aldyrmak üçin okrug kazyýetine ýüz tutdy, ýöne onuň arzasy kabul edilmedi.
Şondan soň ol Täze Zelandiýanyň Ýokary kazyýetine ýüz tutdy, edara hem ahyrynda onuň adyny kanuny diýip ykrar etdi. Ýöne bu wakanyň netijesinde ýurduň häkimiýetleri başga hiç kimiň şeýle zady gaýtalap bilmezligi üçin iki kanuny üýtgetdi.
Ginnesiň rekordlar kitaby bilen söhbetdeşlikde rekord eýesi (onuň doly adyny aýdyp oturmalyň, çünki ol alty sahypany eýeleýär) hemişe adamlaryň üýtgeşik gazananlary bilen gyzyklanandygyny we bu dünýäniň bir bölegi bolmak isländigini gürrüň berdi. 


08.06.2026 18:02
4.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......