Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär.
Sigaus robustus görnüşi Täze Zelandiýanyň diňe günortasynda ýerli derýalaryň kenarynda duş gelýär. Bu çekirtgeler, adatça, çal ýa-da posa meňzeş goňur reňkde bolup, daş-töwereginiň reňki bilen utgaşyp gidýär.
Adaty bolmadyk gülgüne reňkli ýaş urkaçy çekirtge Makkenzi basseýninde Tekapo kölüniň kenarlarynda her ýylky gözegçilik wagtynda tapyldy. Ol gaýaly ýerleriň fonunda tapawutlanyp görünýärdi.
Barlagçylar gülgüne reňkiň eritizm atly genetiki mutasiýanyň netijesinde dörän bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar, munda beden artykmaç mukdarda gyzyl pigment öndürýär. Ýerli ýaşaýjylar bu çekirtgeleriň birnäçe ýylda bir gezek duş gelýändiklerini, ýöne olaryň öň öwrenilmändigini habar berdiler.
Sigaus robustus seýrek duş gelýän görnüş hasaplanýar we ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşe degişlidir. 2018-nji ýylda olaryň ýaşaýan ýerleriniň daşyna gorag germewi guruldy, bu bolsa olary ýyrtyjylardan goramaga kömek edýär.
«Bular özboluşly çekirtgeler. Olar taryhyň öňki jandarlaryna meňzeýär. Olar gowy böküp bilýärler, ýöne özleriniň ýere tagaşyksyz düşüşleri bilen tanalýarlar. Şeýle hem olar örän ejiz. Gynansak-da, gülgüne reňk görnüşi ýyrtyjylara has-da äşgär edýär, şonuň üçin beýle mör-möjekler uzak ýaşamaýarlar» diýip, Departamentiň hünärmeni Jen Şori gürrüň berýär.
Eger tapylan çekirtge indiki birnäçe aýyň dowamynda diri galsa, onda onuň şol seýrek reňkli nesilleri öndürmäge mümkinçiligi bar.
