Eýranyň BMG-niň Baş Assambleýasyna bergisini Günorta Koreýa berdi

  • 24.01.2022 00:48
  • 10k+

Günorta Koreýanyň Häkimiýeti Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyna bergisini töläp berdi. Tölegler Eýranyň Günorta Koreýadaky doňdurylan (sanksiýa astyna düşen) serişdelerinden geçirildi. Olaryň möçberi 18 mln dollara barabar boldy diýip, Günorta Koreýanyň Strategiýa we maliýe ministrliginiň saýtynda habar berildi. Muny RBC ýetirýär.

Öň, ýyllyk tölegini etmänligi sebäpli Tähran Guramanyň Baş Assambleýasynda ses bermek hukugyndan mahrum bolupdy.

«Eýranyň Baş Assambleýada ses bermek hukugy, töleg geçirilen badyna, garaşylyşy ýaly, dikeldiler» — diýlip, Koreýanyň maliýe ministrliginiň beýanatynda bellenilýär.

Eýranyň Häkimiýetleri degişli haýyş bilen Seula özleri ýüz tutdular. Pul serişdeleri guramalaryň birnäçesi, şol sanda — BMG-niň Sekretarlygy hem-de ABŞ-nyň Maliýe ministrligi bilen maslahatlaşmalardan soň Eýranyň doňdurylan serişdelerinden alnyp berildi.
Yanhop agentliginiň bellemegine görä, Günorta Koreýada Eýranyň 7 mlrd dollara golaý pul serişdeleri doňdurylyp goýuldy. Olar ýurduň iki sany bankynda saklanýar – Woori Bank we Industrial Bank of Korea.

Pul serişdeleri ABŞ Tährana garşy 2018-nji ýylda ykdysady çäklendirmeleri girizenden soň doňduryldy.
Eýran bergisi sebäpli ýanwar aýynyň ortalarynda ses bermek hukugyndan mahrum bolupdy. BMG-niň Baş Assambleýasynda ses bermek hukugyndan şeýle hem — Sudan, Gwineýa, Kongo, Antigua we Barbuda, Papua — Täze Gwineýa, Wenesuela we Wanuatu mahrum bolupdy.
BMG-niň düzgünnamasyna laýyklykda, eger-de bergisiniň möçberi soňky iki ýylda tölenilmegi hökmany bolan möçbere deň ýa-da ondan artyk bolan ýagdaýynda guramanyň agzasynyň ses bermek hukugy ýatyrylýar.

Eýran geçen ýyl hem tölegleri geçirip bilmändigi zerarly BMG-de ses bermek hukugyndan mahrum bolupdy. Şonda Tähranyň bergisi 16,2 mln dollara deň bolupdy. Yanhop-yň bellemegine görä, şol gezek hem Eýranyň Häkimiýetleri bergisini töläp bermegi Günorta Koreýadan haýyş etdi.


23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

18.06.2026 09:55
890

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......