Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-sitiniň” guruljak ýerine baryp gördi

  • 20.01.2022 06:50
  • 22k+

19-njy ýanwarda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin Aşgabadyň demirgazygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu ýerde geçirilen iş maslahatynda türkmen Liderine “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi habar berildi. Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy döwrebap derejede ösdürmek, degişli gulluklaryň işgärleriniň daşary ýurtlara iberip, hünär derejesini ýokarlandyrmak we dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek barada belläp geçdi. 

“Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň meýdany 744 gektar bolup, ol dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýar. Bu ýerde 12 gatdan  35 gata çenli göwrümi bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 180-si gurlar. 17 müň 836 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerden ybarat bolup, olarda ýokary derejeli ýaşaýyş we göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün ediler

Iş maslahatynda Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy teklip edilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň hem-de ýaşaýyş jaý toplumynyň, Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy alnyp barylýan 23 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň, mundan başga-da, şäheriň Gurbansoltan eje şaýolundan Gökdepe ýoluna çenli aralykda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, paýtagtymyzyň çäklerinde  çekilmegi meýilleşdirilýän zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň, paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklip edilýän şekil taslamalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.


şu gün 07:51
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......