Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky şygary Minskde tanyşdyryldy

  • 21.01.2022 08:41
  • 8.2k+

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Ilçihananyň binasynda guralan çärä Belarus döwlet uniwersitetinde, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, M.Tank adyndaky Belarus döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde hem-de Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada turkmenistan.ru saýty habar berýär.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen sepgitler, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady hem-de medeni durmuşyndan söz açýan wideoşekiller bolsa aýdylanlaryň üstüni ýetirdi.

Türkmen amaly-haşam sungatyna degişli bolan el halylarynyň, zergärçilik önümleriniňdir milli lybaslaryň, ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalary beýan edýän fotosuratlaryň sergisi bu ýere ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......