Ahalyň täze edara ediş merkezinde ýaşajaklara nähili ýeňillikler berilýär?

  • 19.01.2022 13:13
  • 31k+

18-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere göçüp geljek ýaşaýjylar üçin döredilen şertler we ýeňillikler barada gürrüň berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň täze merkezini iki tapgyrda gurmak meýilleşdirildi. Birinji tapgyrda 336 sany binany we desgany gurmak göz önünde tutuldy. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary bar. Bu ýerde 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgasy bolup, olaryň gurluşyk işlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan 62 sany ýerli hususy kärhana, şeýle hem 5 sany döwlet kärhanasy ýerine ýetirýär.

Bu möhüm iri taslamany durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli amatlyklaryň döredilendigini aýdyp, türkmen Lideri gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan döwründe potratçylaryň we kömekçi potratçylaryň gümrük paçlaryny, birža we gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadylandygyny belledi. Şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasynyň zerur bolan bölegini maliýeleşdirmek üçin, buýrujylaryň ýüztutmasy esasynda amatly möhletler bilen karzlar berildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.7k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......