S.Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Umurzakow bilen duşuşdy

  • 17.01.2022 23:15
  • 21k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy. Bu barada mfa.gov.tm saýty habar berýär.

Gepleşiklerde söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredip geçdiler.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Daşkent şäherine amala aşyrylan saparynyň dowamynda ylalaşylan türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmeginiň ähmiýeti babatynda bellenildi. Şeýle-de, ulag we energetika pudaklarynyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy barada nygtaldy.


düýn 19:25
1.9k+

Ženewada Türkmenistanyň halkara zähmet başlangyçlaryna goşulmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji iýunda Ženewada Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde Halkara Iş berijiler Guramasynyň (IOE) we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň (ITUC) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...

08.06.2025 23:27
3.5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar...

07.06.2025 21:30
6.9k+

Raşid Meredow Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň...

07.06.2025 20:41
3.4k+

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy

6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistana saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar...