Ženewada Türkmenistanyň halkara zähmet başlangyçlaryna goşulmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 09.06.2025 19:25
  • 3.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji iýunda Ženewada Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde Halkara Iş berijiler Guramasynyň (IOE) we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň (ITUC) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ženewada ýerleşýän BMG-niň ýakyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Halkara Iş berijiler Guramasynyň Baş sekretary Roberto Suares-Santos bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, tehniki goldaw we milli iş berijileriň halkara başlangyçlaryna gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdy.
Halkara Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Lýuk Triangl bilen geçirilen duşuşykda döwlet, iş berijiler we kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ITUC-nyň düzümine girmeginiň mümkinçilikleri we olaryň ýurduň durmuş syýasatynyň kemala getirilmegindäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
4-nji iýunda maslahatynyň umumy mejlisinde eden çykyşynda Muhammetseýit Sylapow Türkmenistanyň mynasyp zähmet, durmuş adalaty we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belläp geçdi. Ministr Halkara zähmet guramasynyň global gün tertibiniň ähmiýetini nygtap, onuň ugurlarynyň Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli ykdysady we durmuş taýdan ösüş maksatnamasy bilen sazlaşýandygyny belläp geçdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....