2022-nji ýylyň medeni Maksatnamasynda nähili çäreler bar?

  • 15.01.2022 22:33
  • 8.8k+

Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde  wise-premýer M.Mämmedowa 2022-nji ýylda medeniýet ulgamy boýunça geçiriljek çäreleriň Maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Maksatnamada dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri, dabaralary, sergileri, döredijilik bäsleşiklerini hem-de sanly ulgam arkaly maslahatlary, duşuşyklary, festiwallary we mediaforumlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şolaryň hatarynda iýun aýynda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň jemini jemlemek we onuň çäklerindäki beýleki döredijilik bäsleşikleri bar.

Türkmen Lideri hödürlenen maksatnamanyň taslamasyna käbir bellikleri girizip, 2022-nji ýylda meýilleşdirilen ähli çäreleriň milli mirasy, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge ýardam etmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......