«Baby Shark» çagalar aýdymy YouTube-da ilkinji bolup 10 milliard gezek tomaşa gazandy

  • 14.01.2022 23:52
  • 8.7k+

Günorta Koreýanyň “Pinkfong” (“Gülgüne telefon”) bilim kompaniýasynyň Baby Shark Dance (“Çaga akulanyň tansy”) wideoklipi çykan gününden bäri 10 milliarddan gowrak tomaşa edilip, YouTube-da rekord goýdy. Bu barada kompaniýanyň Twitter sahypasyna salgylanyp, TASS habar berdi.

"Şu gün taryhy üstünliklerimizi belleýäris. "Baby Shark Dance" YouTube-yň taryhynda 10 milliard gezek tomaşa edilen ilkinji wideo boldy" - diýlip, habarda aýdylýar.

Bu meşhur wideoroligiň dünýäniň 11 dilinde 100-den gowrak wariasiýasy çykaryldy.  Wideoda bir oglanjyk bilen gyzjagaz çaga akula we onuň maşgalasy hakda aýdym aýdýar, şeýle hem multiplikasiýa kadrlarynyň fonunda maşk tansyny ýerine ýetirýär.

Wideo ilkinji gezek 2016-njy ýylda YouTube-da ýerleşdirildi. Birnäçe ýylyň içinde ol tomaşa edilen sany boýunça dünýä aýdym-sazynyň iň meşhur wideo kliplerinden, şol sanda Luis Fonsiniň “Despacito” aýdymynyň wideosyndan hem öňe geçmegi başardy. Mundan bir ýyl öň “Baby Shark Dance” wideosy YouTube kanalynda iň köp görülýän wideo hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna giripdi.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......