Awstraliýanyň Häkimiýeti ikinji gezek Nowak Jokowiçiň wizasyny ýatyrdy

  • 14.01.2022 15:45
  • 5.5k+

Awstraliýanyň Hökümeti tennisçi Nowak Jokowiçiň wizasyny ikinji gezek ýatyrdy. Dünýä sanawynda ilkinji belgili tennisçi ýene-de ýurtdan çykarylyp bilner diýip, Euronews habar berýär.

Immigrasiýa ministri Aleks Houk anna güni «jemgyýetçiligiň bähbidine» 34 ýaşly serbiýaly türgeniň wizasyny ýatyrandygyny habar berdi.
Jokowiçiň aklawjylary bu karary kazyýete bermek isleýärler.
Jokowiç Melburna geleni bäri onuň wizasy eýýäm ikinji gezek ýatyryldy. Awstraliýada türgen Australian Open ýaryşynyň ýeňijisi adyny goramagy meýilleşdirýärdi. 6-njy ýanwara geçilýän gijede Awstraliýa gelende 34 ýaşly serbiýaly türgen sanjym almakdan saklaýan lukmançylyk güwänamasy zerarly mesele bilen ýüzbe-ýüz boldy. Serhet gullugy COVID-19-a garşy sanjym almaga garşy görkezilen delilleri ýeterlik hasaplamady. Jokowiç karantin myhmanhanasyna ýerleşdirildi.

Dawa işinden soň türgeniň wizasy ýatyryldy, türgeniň özüne bolsa ýurtdan çykmalydygy barada duýduryş berildi. Jokowiç serhet gullugynyň çözgüdine garşy çykyp, Awstraliýanyň Federal kazyýetine ýüz tutdy we kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Tennisçi karantin myhmanhanasyny terk edip, hatda türgenleşik hem geçirdi. Emma onuň ýaryşa gatnaşmagy ýene-de sorag astynda galdy.
Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionaty (Australian Open) Uly tuwulganyň dört ýaryşynyň biridir. Ýaryşlaryň birinji tapgyry şu ýylda 17-nji ýanwarda geçiriler. Şol gün ýaryş tertibinde Jokowiçiň beýleki bir serbiýaly türgen Miomir Kesmanowiç bilen ýaryşy meýilleşdirildi.


şu gün 11:31
567

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......