Dünýäde iň köp girdeji gazanýan zenan türgenleriň sanawy düzüldi

  • 14.01.2022 09:14
  • 9.7k+

“Forbes” neşiri dünýäde iň köp girdeji gazanýan zenan türgenleriň sanawyny düzdi. Bu sanawda birinji orny bassyr ikinji ýyl ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka eýeledi. Türgen 57 mln dollardan gowrak girdeji gazandy, olardan 55 mln dollary hemaýatkärlik şertnamalary boýunça, 2,3 mln dollary baýrak görnüşinde aldy. Bu barada lenta.ru habar berdi. 

Liderleriň üçlügine amerikaly tennisçi uýalar Uilýamslar girdi. Sanawda ikinji orny bir ýylyň dowamynda baýrak görnüşinde 900 müň dollar, mahabat şertnamalarynda 45 mln dollar gazanan Serena Uilýams eýeledi. Üçünji orna onuň uly dogany Winus Uilýams mynasyp boldy. Onuň girdejisi 11,3 mln dollar bolup, şolardan 300 müň dollar baýrak görnüşinde alyndy.

Dünýäde iň köp girdeji gazanýan zenan türgenleriň onlugyna amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz, ispaniýaly tennisçi Garbinýe Mugurusa, günorta koreýaly golfçy Jin Ýang Ko, hindistanly badmintonçy Pusarla Wenkata Sindhu, awstraliýaly tennisçi Eşli Barti, amerikaly golfçy Nelli Korda we amerikaly basketbolçy Kendis Parker hem girdi.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......