Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 12.01.2022 08:44
  • 6.2k+

11-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi, ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hanym Lýusia Uaýlda däp bolan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda görkezildi.

Türkmen Lideri we dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, energetika ulgamlary, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy we beýleki köp sanly ulgamlar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......