30 müň owgan harby gullukçysy TOPH-nyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşar

  • 11.01.2022 12:55
  • 19k+

Owganystanyň Içeri işler ministrligi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak üçin howpsuzlyk bilen bagly hiç bir zyýanyň ýokdugyny mälim etdi. Muňa garamazdan, gatnaşyjy ýurtlary arkaýynlaşdyrmak üçin ýöriteleşdirilen bölümçe dörediler. Bu barada ministrligiň maglumatyna salgylanyp, TOLOnews habar berýär.  

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Said Hostiniň sözlerine görä, häzirki wagtda bölümçäni meýilleşdirmek we döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunlukda, aýry-aýry etraplarda TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 30 müň harby gullukçydan ybarat bolan bölümçäni döretmek göz öňünde tutulýar. Ýurduň degişli ministrlikleri we edaralary türkmen tarapyny taslamanyň howpsuzlygyny üpjün etjekdiklerine ynandyrdylar.

Owgan tarapynyň wekilleriniň bellemegine görä, howpsuzlygyň üpjün edilmezligi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň saklanylmagynyň esasy sebäbi bolup durýar. Owgan halky bu taslamanyň täze iş orunlaryny döredip, ýurduň ykdysadyýetine goldaw berjekdigine ynam bildirýärler.  


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......