Azerbaýjan türkmen gazyny import etmekde Hytaýdan soň ikinji orna geçip biler

  • 11.01.2022 12:53
  • 6.1k+

TmCars.info Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilýän türkmen gazynyň möçberiniň ýylda 15 milliard kub metre çenli artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini okyjylara ozal habar beripdi. Munuň özi Azerbaýjanyň Hytaýdan soň türkmen gazyny köp import edýän ikinji döwlete öwrülmegini şertlendirer. Ýeri gelende bellesek, Hytaý 2021-nji ýylda 34 milliard kub metr türkmen gazyny satyn aldy.

orient.tm saýtynda bellenilişi ýaly, häzir Azerbaýjan ýylda 2 milliard kub metr türkmen gazyny satyn alýar. Bu baradaky ylalaşyga geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda gol çekildi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistandan Azerbaýjana her günde «mawy ýangyjyň» 4 million tonnasy iberilýär.  
Türkmenistan Russiýa iberýän tebigy gazynyň hem möçberini görnetin artdyryp, onuň eksportyny 10 milliard kub metre ýetirdi. Bu bolsa 2020-nji ýyldaky görkezijiden 2 esse ýokarydyr.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....