Türkmen alabaýy hakyndaky maglumatlary öwrenmek üçin halkara maslahaty geçiriler

  • 08.01.2022 14:30
  • 6.6k+

Hökümetiň 7-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde taryhçylar türkmen alabaýynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekillerini ýüze çykardylar. Wise-premýer slaýdlary peýdalanmak bilen, şonuň ýaly gölleriň biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişli birnäçesini görkezdi. Täze ylmy maglumatlar türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary babatda hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin taýýarlanýan maglumatlaryň üstüni ýetirer.

Döwlet Baştutany türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýän maglumatlary giňden wagyz etmek maksady bilen, bu babatda wekilçilikli halkara maslahatynyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara onuň dowamynda arheologiýa tapyndylary, şeýle hem türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilýän halylaryň we haly önümleriniň nagyşlary hem-de gölleri bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.7k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......