Türkmenistan Özbegistan bilen serhetýaka söwdany ýola goýmak işini işjeňleşdirýär

  • 08.01.2022 14:49
  • 12k+

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda serhetýaka söwdany ýola goýmak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Hökümetiň 7-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, serhetýaka söwda zolagynyň, ugurdaş desgalaryň meýdanyny we ýerleşjek ýeriniň çäklerini kesgitlemek, olary ýerleşdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlamak, halkara hem-de sebit lomaý söwdasy, harytlaryň geçişi, gözegçiligi baradaky düzgünler hakyndaky Tertibiň taslamalaryny milli kanunçylygymyza laýyklykda işläp düzmek hem-de beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki döwletiň arasynda serhetýaka söwdasyny ýola goýmak baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......