Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň döwlet maksatnamasynyň üstünde işlenilýär

  • 08.01.2022 13:06
  • 4.8k+

Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 7-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hasabatynda aýdyldy. 

Bellenilişi ýaly, bu maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylmaly çäreleriň ylmy esaslaryny işläp düzmek, ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologik usullaryny ulanmagy kämilleşdirmek, ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirmek we hasaba almak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda daşary ýurt hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen ylmyň öňdebaryjy tejribeleri boýunça okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasyna laýyklykda, ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Türkmen Lideri hödürlenen teklibiň örän wajypdygyny belläp, onuň ýene-de bir gezek seljerilmelidigini we degişli düzümler bilen ylalaşylmalydygyny aýtdy.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......