Owganystanyň Hökümet Başlygy ynsanperwerlik kömegi üçin Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi

  • 06.01.2022 19:14
  • 22k+

Owganystan Yslam Emirliginiň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 2021-nji ýylyň dekabrynda Owganystana ugradylan ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk hatyny iberdi. 

OYE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygy öz hatynda häzirki kyn şertlerde dostlukly Türkmenistan tarapyndan nebitgaz, azyk we dokma önümlerinden ybarat, şeýle giň möçberli kömegiň iberilmeginiň iki dostlukly halkyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. 

Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Owganystan Yslam Emirliginiň döredilmeginden  soňra goňşy döwletiň gatnaşyklarynda täze döwrüň başlanandygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň Kabul şäherine saparynyň hem-de türkmen wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 20-21-nji noýabrynda Hyrat şäherinde geçiren duşuşyklarynyň bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrandygyny belledi. 

Şeýle hem OYE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygy hatynda Owganystan Yslam Emirliginiň bu duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge doly taýýardygyny mälim etdi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......