Berdimuhamedow Lebaba saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirdi

  • 06.01.2022 08:36
  • 11k+

5-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň jemlerine bagyşlap iş maslahatyny geçirdi. Oňa nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzda iş alyp barýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işler barada hasabatlar berildi. Türkmen Lideri iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazaryna çykarmak babatda sanlyja ýylda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny belledi. Şol iri taslamalaryň biriniň hem “Malaý” gaz gysyjy desgasydygyny bellän döwlet Baştutany  türkmen tebigy gazyny uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý-Bagtyýarlyk turba geçirijisi arkaly “Asyryň iri taslamasy” diýlip atlandyrylan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine bermekde möhüm ähmiýetli bu desganyň laýyk 1 ýyl mundan ozal açylyp  ulanmaga berlendigini  belledi.

Döwlet Baştutany Lebap welaýatyndaky “Malaý” ýatagyndan tebigy gazyň 1986-njy ýyldan bäri alynýandygyny belläp, başlangyç gory 358 milliard 700 million kub metr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kub metrden köp tebigy gazyň çykarylandygyny nygtady. Türkmen Lideri  häzirki wagtda gaz çykarmagy dowam etmegiň, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatlaklardan aşaky gatlaklardan gaz gorlaryny ýüze çykarmagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, “Malaý” käninde bir ýyl mundan ozal, ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desga ulanmaga berlipdi. “Malaý” gaz ýatagy Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýär.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......