Türkmen tebigy gazy «swop» görnüşde Azerbaýjana iberilip başlady

  • 06.01.2022 08:44
  • 8.2k+

Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulan tebigy gaz (swop) şertnamasy güýje girizildi. Eýranyň iri habarlar gulluklarynyň maglumat bermegine görä, bu şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilen üçtaraplaýyn “swop” şertnamasy 1-nji ýanwarda hereket edip başlady. Gazanylan ylalaşyga görä, Eýran her ýyl 1,5-dan 2 milliard kub metre çenli Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjana geçirer.

Şertnama gol çekilen güni Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bu gazanylan ylalaşygyň energetika hyzmatdaşlygynda möhüm bolup durýandygyny belläp, şertnamanyň gyş aýlarynda Horasan-Rezawi, Demirgazyk we Günorta Gülüstan we Semnan welaýatlarynyň ýangyç üpjünçiligini durnuklaşdyrmaga kömek etjekdigini belläpdi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....