Berdimuhamedow Mara iş saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirdi

  • 05.01.2022 10:10
  • 5.6k+

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň Mary welaýaty boýunça ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, bu sebitiň häkimi gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, Mary welaýatynda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Inda ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew 2022-2023-nji ýyllar üçin niýetlenen iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologik-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan gaz känlerini döwrebaplaşdyrmak, täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek, dünýäde ekologik taýdan arassa gaz hökmünde ykrar edilen “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Wise-premýer Ş.Abdrahmanow ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi. 

Hasabatlarda tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze känleri özleşdirmek boýunça bellenilen işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi. Häzirki döwürde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany geçirilýän geologik-gözleg işleriniň depginlerini has-da güýçlendirmegi, aýratyn-da, nebitiň we gazyň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleri geçirmegi tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabatyny diňläp, türkmen Lideri sebitleri ösdürmek boýunça kabul edilýän Maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň hemişe alada etjekdigini aýtdy we bu ýerden dikuçarda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Malaý” gaz känine tarap ugrady.


düýn 19:01
1.1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......