Ysraýylyň Prezidenti Berdimuhamedowy öz ýurduna sapar bilen çagyrdy

  • 31.12.2021 09:16
  • 8.8k+

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Isaak Gersog Türkmenistanyň Prezidentini Ysraýyla resmi sapar bilen çagyrdy. Bu barada onuň türkmen Liderine iberen Täze ýyl gutlagynda aýdylýar.

Hatda, hususan-da, şeýle diýilýär:

"Ysraýyl Döwleti Türkmenistany öz hyzmatdaşy hökmünde garamak hormatyna eýedir we ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny gurmagy hem-de berkitmegi dowam etjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin. Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi resmi sapar bilen Ysraýyla çagyrmaga rugsat ediň we Sizi Ysraýylda görmek uly hormat bolar".

Ysraýylyň Lideri bu saparyň köp ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyk etmäge mundan beýläk-de itergi bermäge ýardam etjekdigine ynanýandygyny beýan edip: "2022-nji ýylda ysraýylly diplomatlaryň Aşgabada barjakdygyna hem-de Ysraýylyň bellenen ilçisi hanym Berk Idin Kaýdyň Size ynanç hatyny gowşurjakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin. Biz Aşgabatdaky hemişelik edaramyzyň gurluşygyny dowam etmegi maksat edinýäris" diýip gutlag hatynda belleýär. 


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......