Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 28.12.2021 20:04
  • 10k+

28-nji dekabrda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň barşynda Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky parlamentara hereketleriň depginine hem aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti we rus parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şol döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky teklip hem beýan edildi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......