Türkmenistanda ele salnan bikanun neşe serişdeleri we temmäki önümleri ýakyldy

  • 27.12.2021 09:31
  • 27k+

25-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýändiginiň, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bu çärä gatnaşyjylaryň her biri döwletimiziň häzirki zamanyň howply wehimlerine garşy durmak we mähriban halkymyzyň saglygyny, abadançylygyny goramak baradaky tagallalaryny goldap, ýörite peçlerde ýakylýan oda ele salnan neşe serişdeleri, kontrabanda temmäki we gadagan edilen derman önümleri bolan gutulary öz elleri bilen okladylar. Düzgünnama laýyklykda, neşe serişdelerini ýakmak çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem-de ygtyýarly bilermenleriň gözegçiligi astynda geçirildi.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......