Her ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler

  • 26.12.2021 01:25
  • 10k+

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek we bu baýramy her ýylyň 6-njy awgustynda belläp geçmek barada degişli Permana gol çekdi.

Resminamada nygtalyşy ýaly, bu baýramy döretmegiň maksady ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine, Türkmenistanyň Energetika ministrligine, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......