Londonda COVID-19-yň omikron ştammy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

  • 23.12.2021 18:27
  • 8.9k+

Londonyň hökümeti COVID-19-yň omikron ştammynyň ýaýramagy zerarly adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Muny Angliýanyň Saglyk ministri Sajid Jawide salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Sajid Jawid Angliýada soňky bir günüň içinde omikron ştammy ýokuşan 10 müňden gowrak täze hassanyň hasaba alnandygyny aýtdy. Munuň özi öňküsinden üç esse köpdür. Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy omikron ştammynyň ýurtda barha köpelýändigini, onuň COVID-19 ýokuşmalarynyň, takmynan, 60 göterimini tutýandygyny aýtdy.

Çeşmäniň habaryna görä, Angliýanyň hökümetinde täze, has berk koronawirusa garşy çäklendirmeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Edil häzirki ýagdaýda bolsa, baýramçylyk günlerinde lokdaun girizmek meýilleşdirilýär.


30.12.2025 23:37
6.5k+

Britaniýanyň kenarýakasyndaky syr: Uelsiň çäginden ýüzlerçe gadymy ädik tapyldy

Günorta Uelsiň Ogmor-baý-Si kenarynda meýletinçiler geň tapyndyny — Wiktoriýa döwrüne (XIX asyryň ikinji ýarymy) degişli birnäçe ýüz ädigi tapdylar. BBC-niň habar bermegine görä, aýakgaplar «Beach Academy» guramasynyň agzalary tarapyndan derýanyň kenarynda arassalaýyş işleri geçirilýän wagtynda tapyldy...

24.12.2025 10:10
3.2k+

Londonda Benksiniň stilinde çagalary suratlandyrýan iki meňzeş graffiti peýda boldy

Londonda üç gün aratapawut bilen britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň stilinde ýerine ýetirilen iki graffiti peýda boldy. Bu barada BBC News habar berýär. Diwar suratlarynyň ikisinde-de ýerde ýatan iki çaga suratlandyrylýar...

21.12.2025 19:15
6.6k+

Mançesterdäki mekdep okuwçylara welosiped we telewizor paýlap, okuwdan galmalara garşy göreşýär

Beýik Britaniýanyň Mançester şäherindäki Co-op Belle Vue Academy orta mekdebi okuwa gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin adatdan daşary usuly ulandy: Mirror gazetiniň habar bermegine görä, okuwçylary höweslendirmek üçin olara mugt telewizorlar we welosipedler berlip başlandy...

19.12.2025 09:29
8.3k+

Beýik Britaniýaly är-aýal ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy

Britaniýadan är-aýal soňky ýedi ýylda ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy. Metro neşiri ýeňijileriň nobatdaky uly şowlulyga garamazdan, öňki işinde zähmet çekmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini ýazýar...