“Soýuz MS-20” gämisi kosmonawt we iki ýaponiýaly syýahatçy bilen Gazagystana gondy

  • 20.12.2021 23:48
  • 8k+

Bortunda Roskosmosyň kosmonawty Aleksandr Misurkin, ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maedzawa we onuň biznes kömekçisi Ýodzo Hirano bolan “Soýuz MS-20” gämisiniň aşak düşürilýän enjamy Gazagystan sährasyna gondy. Bu barada Uçuşlary dolandyryş merkezinden TASS-yň habarçysy habar berýär.

Roskosmosyň baş müdiri Dmitriý Rogozin hem özüniň Telegram kanalynda An-26 ekipažynyň gonuşy tassyklandygyny ýazdy. “An-26 ekipažy ekipažly dolandyrylýan gäminiň aşak düşürilýän enjamynyň gonandygyny tassyklady. Ýere gaýdyp gelmegiň bilen, gadyrly Aleksandr” – diýip, ol ýazdy. 

Halasgärler ekipažyň agzalaryna çykmaga kömek etmek üçin aşak düşürilýän enjama tarap ugradylar. Misurkin, Maedzawa we Hirano 8-nji dekabrdan bäri orbitada bolupdylar.

Borty Misurkin, Maedzawa we Hirano bilen “Soýuz MS-20” gämisi 8-nji dekabrda Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy. HKS-e çenli uçuş dört aýlawly shema boýunça amala aşyryldy. Birleşme awtomatik usulda boldy.

Şol gün HKS-niň bortunda korrespondensiýa punkty işläp başlady, ony döretmek baradaky ähtnama 17-nji noýabrda TASS bilen Roskosmosyň arasynda gol çekildi. Orbitada TASS-yň ilkinji habarçysy Russiýanyň Gahrymany kosmonawt Aleksandr Misurkin boldy. Ol stansiýadaky durmuş we iş hakynda gürrüň berdi, tejribeleriň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy. Agentligiň informasion çeşmelerinde onuň habarlaryny okap, suratlary we wideolary görmek bolýar. 


19.06.2026 11:22
4.4k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

18.06.2026 22:13
5.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......