Ýaponiýa pandemiýa bilen göreşe kömek bermek üçin Bütindünýä bankynyň guramasyna $3,4 mlrd geçirer

  • 16.12.2021 17:29
  • 7.4k+

Ýaponiýanyň hökümeti pes girdejili ýurtlara koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde kömek bermek üçin Bütindünýä bankynyň düzümindäki gurama bolan Halkara Ösüş Assosiasiýasyna 376,7 mlrd iýena ($3,4 mlrd) iberer. Bu barada Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň saýtynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

“Dünýä COVID-19 sebäpli görlüp-eşidilmedik çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolmagy dowam etdirýär. Biz garyplygy ýok etmek ýolunda gazananlarymyzy ýitirip bileris. Koronawirusyň täze ştammlarynyň sanynyň artmagy esasynda biz ýokanjyň güýçlenmeginiň öňüni almak üçin, şol sanda ösüp barýan ýurtlara-da sanjymlary we dermanlary çalt ibermeli” – diýlip, Ýaponiýanyň Maliýe ministri Sýuniti Sudzukiniň ýüzlenmesinde aýdylýar. Ýaponiýa tarapyndan bu pul mukdarynyň häzire çenli iň ulusy boljakdygy bellenilýär.

Mundan öň hem Ýaponiýa halkara COVAX platformasy arkaly beýleki döwletlere birnäçe gezek kömek etdi. Bu çäreleriň çäginde koronawirusa garşy, takmynan, 25 mln sanjym dozasy Indoneziýa, Wýetnam, Malaýziýa we Tailand ýaly birnäçe ýurtlara iberildi. Ýaponiýa ýene 10 mln dozany Afrika ýurtlaryna bermegi wada berdi. 


12.06.2026 10:04
5.9k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....