Toyota 2030-njy ýyla çenli 30 sany elektromobil modelini hödürlemegi meýilleşdirýär

  • 16.12.2021 17:31
  • 10k+

Ýaponiýanyň iň uly awtomobil korporasiýasy Toyota Motor 2030-njy ýyla çenli 30 sany elektromobil modelini hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada awtokonserniň prezidenti Akio Toýoda metbugat konferensiýasynyň dowamynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Biz 2030-njy ýyla çenli 30 sany elektromobil modelini hödürlemegi meýilleşdirýäris. Mundan başga-da, biz 2030-njy ýyla çenli elektromobilleriň satuwyny 3,5 mln birlige ýetirmegi göz öňünde tutýarys” – diýip, Toýoda aýtdy. Şeýle-de, prezident “Toyota-nyň 2035-nji ýyla çenli öz kärhanalarynda uglerod bitaraplygyny gazanmakçydygyny” belledi. Awtokonsern elektromobilller üçin batareýalaryň önümçiligine maýa goýumlary hem 1,5 trln iýenadan 2 trln iýena çenli (13,2 mlrd dollardan 17,6 mlrd dollara çenli) artdyrar diýip, Toýoda aýtdy.

Awtokonserniň ilkinji elektromobili bolan Toyota bZ4X krossoweriniň Ýaponiýa, Demirgazyk Amerika, Hytaý we Ýewropa ýaly dünýäniň birnäçe sebitlerinde 2022-nji ýylyň ortalarynda satylyp başlanmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda awtokonserniň model hatarynda elektromobil ýok. Kompaniýa birnäçe gibridleri we wodorod bilen işleýän Mirai awtomobilini hödürleýär, ýöne bu modele isleg diýseň az. 


düýn 21:54
2.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......