2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawy yglan edildi

  • 16.12.2021 08:37
  • 18k+

YouGov kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň netijesinde, 2021-nji ýylda dünýäniň iň abraýly 10 adamynyň sanawy kesgitlenildi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Geçen ýylda bolşy ýaly, ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama we onuň aýaly Mişel dünýäniň iň abraýly erkekleriniň we aýallarynyň sanawynda birinji orunda durýar.

Ilkinji onluga Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, futbolçylar Kriştianu Ronaldu we Lionel Messi, aktýor Jeki Çan, SpaceX-iň esaslandyryjysy milliarder Ilon Mask, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi we Alibaba-nyň esaslandyryjysy Jek Ma, şeýle hem Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin girýär. Belläp geçsek, Putin şu ýyl üç basgançak ýokary galyp, dokuzynjy orna çykdy. ABŞ-nyň öňki we häzirki prezidentleri Donald Tramp we Jo Baýden, degişlilikde, 13-nji we 20-nji orny eýelediler.

Iň abraýly zenanlaryň sanawyna aktrisa Anjelina Joli, Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizelizaweta II, teleýaýlym alyp baryjysy Opra Winfreý, aktrisalar Skarlett Ýohansson, Emma Uotson, Priýanka Çopra, aýdymçy Teýlor Swift, Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel we hukuk goraýjy Malala Ýusufzaý girdi.


10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

23.05.2026 07:07
4.2k+

Waşingtonda dünýäde iň beýik hormat derwezesiniň taslamasy tassyklandy

ABŞ-nyň Sungat boýunça komissiýasy Waşingtonda beýikligi 76,2 metre barabar bolan hormat derwezesiniň (triumfal arka) taslamasyny tassyklady. Ol dünýäde şeýle görnüşli iň uly gurluş bolar....

30.04.2026 11:01
9.7k+

ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli Trampyň portreti şekillendirilen pasportlary çykarmak meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Donald Trampyň suraty şekillendirilen çäkli nusgadaky pasportlary çykarmaga taýýarlanýar. Fox News-yň habar bermegine görä, bu goýberiş ýurduň 250 ýyllygyna gabatlanýar....