«The Financial Times» hem Ilon Masky «Ýylyň adamy» diýip yglan etdi

  • 16.12.2021 08:09
  • 4.2k+

ABŞ-ly milliarder, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask britan işewür toparlarynyň neşiri bolan «The Financial Times» tarapyndan hem 2021-nji ýylyň «Ýylyň adamy» diýlip yglan edildi. Bu barada gazetiň internet saýtyna salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

Redaktorlar şu onýyllygyň dowamynda Maskyň elektrik ulaglar üçin bazar döredendigini, şeýle hem awtobazaryň öňdebaryjylaryna ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşine has işjeň maýa goýmaklaryna ýardam edendigini aýdyp, öz saýlawynyň sebäplerini düşündirdiler. Neşiriň ýazmagyna görä, işewür ählumumy awtomobil senagatyny düýpgöter üýtgetdi. «The Financial Times-da» Ilon Maskyň geljekki hereketleriniň ýurtlaryň hökümetleri, maýadarlar hem-de klimat üçin aýratyn täsirini ýetirjekdigine ynanýarlar. Neşiriň redaktorlary şeýle-de milliarderiň kosmiki ulgamda, internetde kriptowalýutany ilerletmekde we Twitteriň mikrobloglarynda örän işjeň hereketlerini göz öňünde tutdular.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, şu hepdäniň dowamynda meşhur amerikan neşiri «Time» hem Ilon Masky «Ýylyň adamy» diýip yglan etdi. Neşiriň redaktorlary işewüriň howanyň üýtgemegi, emeli aňy ösdürmek hem-de kriptowalýutany ulanmak boýunça gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler.


20.02.2026 11:25
2.3k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...

21.11.2025 11:47
2.9k+

Ilon Mask emeli aň hasaplamalaryny kosmosa geçirmegi teklip etdi

Amerikaly milliarder Ilon Maskyň pikiriçe, geljek bäş ýylda emeli aň bilen baglanyşykly hasaplaýyş güýçlerini ösdürmegiň iň amatly ýoly olary kosmosa göçürmek bolar. Bu barada ol Waşingtonda ABŞ bilen Saud Arabystanynyň ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forumda aýtdy...

18.11.2025 11:14
3.2k+

Mask Grok 5-iň çykmagyny geljek ýyla süýşürdi. EA-ny adam derejesine ýetirmek meýilleşdirilýär

Ilon Mask xAI startapynyň Grok çat-botunyň täze wersiýasy bolan Grok 5-iň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2025-nji ýylyň ahyrynda däl-de, indiki ýylyň birinji çärýeginde çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, goşmaça okuwlardan soň täzelenen model ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, hatda 10% ähtimallyk bilen adam aňynyň derejesine ýetip biler...