Berdimuhamedow Kentukki ştatyndaky heläkçilik zerarly Baýdene gynanç bildirdi

  • 15.12.2021 00:15
  • 21k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdene Kentukki ştatynda bolup geçen aýylganç harasadyň netijesinde köp sanly adamlaryň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi.

Türkmen Lideri halkymyzyň adyndan we hut öz adyndan pida bolanlaryň garyndaşlaryna hem-de hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi, şeýle hem ejir çekenleriň tiz wagtda gutulmagyny arzuw etdi.
TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, 11-nji dekabrda Kentukki ştatynda aýylganç harasat turdy. Aýylganç tebigy hadysa netijesinde, deslapky maglumatlara görä, azyndan 100 adam aradan çykdy.
Pida bolanlaryň sany gözleg-halas ediş işleriniň barşynda artmagyny dowam etdirýär. Kentukki ştatyndan başga-da, tebigy hadysa ýene-de dört ştata — Arkanzas, Tennessi, Missuri we Illinoýs ştatlaryna ýetdi.


09.06.2026 07:41
9.4k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.1k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.9k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....