Time žurnaly Ilon Masky «Ýylyň adamy» diýip ykrar etdi

  • 14.12.2021 15:06
  • 4.1k+

Amerikanyň Time žurnaly SpaceX-iň we Tesla-nyň esaslandyryjysy Ilon Masky “Ýylyň adamy” diýip ykrar etdi. Bu barada žurnala salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi. Muny ferra.ru ýetirdi.

Ses berlişigiň netijesinde, hünärmenler bu adam Ýerdäki ýaşaýşa, edil şonuň ýaly hem Ýeriň daşynda bolup biläýjek ýaşaýşa adatdan daşary täsir edýär diýen netijä geldiler.

"Bu - biziň planetamyzy halas etmäge we täze planeta göçmäge kömek etmek üçin ymtylýan adam: degişgen, geniý, öjükdiriji, öňdengörüji, senagatçy, şoumen, gödek, Edisonyň, Barnumyň, Endrýu Karneginiň we “The Guardians”-daky doktor Manhetteniň garyşygy... Onuň SpaceX startapy Amerikanyň kosmos geljegini ele almak üçin Boeing-den öňe geçdi. Onuň Tesla awtoulag kompaniýasy köp milliardlyk awtoulag bazarynyň üçden iki bölegini tutýar, bu bolsa Masky 250 milliardlyk baýlygyň eýesi we taryhda iň baý hususyýetçi etdi" - diýip, Time ýazýar.

Geçen ýyl Jo Baýden we Kamala Harris ýylyň adamy boldy. Olar şol wagt Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti we wise-prezidenti saýlanypdy, ýöne entek işe girişmändi.


05.05.2026 23:24
3.4k+

Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune......

01.04.2026 15:29
891

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...