Berdimuhamedow Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 14.12.2021 13:30
  • 5.7k+

13-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we geljekki meýilleri nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ýeňil senagatda, oba hojalygynda we gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyldy.

Söhbetdeşligiň çäklerinde iki dostlukly döwletiň Baştutanlary halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler häzirki zamanyň has derwaýys ugurlary, aýratyn-da, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelerde garaýyşlaryň gabat gelýändigini belläp, bu ugurda ýola goýulýan işjeň gatnaşyklaryň ählumumy maksatlara hem-de milli bähbitlere laýyk gelýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň wajypdygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......