Berdimuhamedow Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkin bilen duşuşdy

  • 10.12.2021 10:11
  • 4.4k+

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, möhüm ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar soňky wagtda ösüşiň oňat depgini bilen tapawutlanýar. Şunda türkmen Lideri Russiýanyň ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek geljegi uly we häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň deňiz menzilleriniň birnäçesine, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň “Olýa” deňiz portuna yzygiderli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Türkmenistanyň hem-de Astrahanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenildi. Russiýa Federasiýasynyň bu sebitinde türkmenleriň uly kowçum bolup ýaşaýandygyny nazara alanyňda, wajyp ähmiýete eýe bolan ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýaly gubernator ýurdumyzyň talyplaryny Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde okatmak işini dowam etdirmek babatda pikirini aýtdy.


düýn 22:16
2.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

düýn 21:24
568

Türkmen wekiliýeti Bangkokda geçirilýän UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň......

düýn 09:32
1.8k+

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Antalýada «Geljegi meýilleşdirmek,......

düýn 08:00
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......