Astrahanyň gubernatory R.Meredow we S.Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi

  • 10.12.2021 10:12
  • 6k+

Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda Telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan geňeşiniň çäklerinde bilelikdäki işleriň ähmiýeti bellenildi.

 Mundan başga-da, söwda, gurluşyk, gämigurluşyk hem-de deňiz logistikasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy. Astrahan oblastynyň ykdysady düzümleri, hususan-da, “Perwomaýskiý sudoremontnyý zawod” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen ýük we nebit guýulýan tankerleri abatlamak boýunça türkmen tarapynyň netijeli hyzmatdaşlygy barada aýdyldy.

Söhbetdeşler ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar bolan beýleki ulgamlarda hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.


şu gün 12:31
1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
358

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......