Fransiýada sürüjisiz awtobus peýda boldy

  • 07.12.2021 19:38
  • 10k+

Fransiýanyň EasyMile kompaniýasy ýolagçylary sürüjisiz köpçülikleýin ýollardan gatnatmak üçin ilkinji ygtyýarnamany aldy. Şeýlelik bilen, Fransiýa Ýewropada operatoryň bolmazlygynda sürüjisiz awtobuslaryň ulanylmagyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Bu barada CVBJ habar berýär diýip, Day.Az belleýär. 

Ilkinji sürüjisiz awtobus EasyMile EZ10 boldy, ondan öňdäki awtonom ulaglaryň ählisinde amallary gözegçilikde saklamak üçin sürüjiniň bolmagy talap edilýärdi. Awtonom mikroawtobus EasyMile EZ10 Madridiň uniwersitet şäherçesi bilen bir hatarda dünýäniň 400-den gowrak ýerinde synaglardan geçdi. 

Dekabr aýynyň başyndan EasyMile EZ10 Tuluzada (Fransiýa) Oncopole lukmançylyk şäherçesi boýunça talyplary gatnadyp başlady. Onda beýleki awtomobiller, motosikller, elektrosamokatlar we ýolagçylar erkin hereket edýärler. EasyMile EZ10 sürüjisiz sagatda 40 km maksimal tizlik bilen ýöreýär.

Mikroawtobus 12 adamy gatnatmaga niýetlenýär. Ol daş-töwereklerinde bolup geçýän zatlaryň üç ölçegli şekilini döredýän lidar, treker, aralygy ölçeýji, kameralar we datçikler bilen üpjün edilendir. Ulagyň programma üpjünçiligi awtobus bir päsgelçilik görende ýa-da garaşylmadyk hadysa sezewar bolanda näme etmelidigini özbaşdak kesgitleýär. 

Häzirki wagtda EasyMile EZ10 dördünji derejeli awtodolandyryjy bilen üpjün edilendir. Awtobus öňünden kesgitlenen ugur boýunça özbaşdak hereket edip bilýär. 


22.07.2025 12:37
5.7k+

Hytaý we Şwesiýa 350 aýlawdan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän batareýa döretdiler

Hytaýly we şwesiýaly alymlar batareýalaryň geljegini düýpgöter üýtgedip biljek täze F-QSCE30 elektrolitini oýlap tapdylar. Ol 60 gradus Selsiýada 350 gezek zarýad berliş-zarýad çöküş aýlawyndan soň batareýanyň kuwwatynyň 100%-ini diýen ýaly saklamaga we 4000 sagatdan gowrak peselmezden durnukly işlemäge mümkinçilik berdi...

19.07.2023 16:15
21k+

Fransiýada elektrikli awtoulaglara zarýad berýän ýollar gurlar

Ysraýylyň simsiz zarýad bermek boýunça synaglary bilen tanalýan Electreon startapy Fransiýada zarýad berýän ýollary gurmak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Şeýle-de bolsa, Jerusalem Post-uň ýazmagyna görä, birinji...

22.09.2022 11:51
9.5k+

Ýaponiýada elektromobiller üçin simsiz zarýad berýän ýollary synagdan geçirilip başlandy

Ýaponiýada elektrokarlara zarýad bermek üçin oturdylan modully ýol örtüklerini synagdan geçirmäge başladylar. Taslamany ýerli Obayashi gurluşyk kompaniýasy we ulagyň şaý toplumlaryny öndüriji Denso durmuşa geçirýär...

05.04.2022 14:22
11k+

Mýunhende depesi Gün panelli awtobuslar synagdan geçirilýär

Sion günmobillerini işläp taýýarlaýjy we olaryň geljekki öndürijisi, Sono Motors ýaş nemes kompaniýasy Mýunhe niň şäher ulag guramasy bilen bilelikde şäheriň tejribe geçirilýän ugurlaryna depesi Gün panelli ýolagçy...