Berdimuhamedow: «Her ýolbaşçy öz pudagynyň maliýe ýagdaýyny seljermelidir, bergiler üzülmelidir»

  • 04.12.2021 09:37
  • 11k+

Hökümetiň şu ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyk boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

«Sebäbi ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda heniz köp algy-bergiler bar. Şoňa görä-de, her ýolbaşçy öz pudagynyň maliýe ýagdaýyny seljermelidir» diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligine haýal etmän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyny seljerip, özara hasaplaşyklary geçirip başlamagy tabşyrdy.

Alnan karz serişdeleri, beýleki edara-kärhanalaryň öňündäki bergiler öz nobatynda üzülmelidir. Umuman, bu ugurdaky meseleleriň ählisi çözülmelidir diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Şeýle hem ähli salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalyp alynmagyna berk gözegçilik edilmelidir. 2022-nji ýyl üçin gelip gowuşýan serişdeleri Merkezi bank seljermelidir.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......