Türkmenistanda 11 aýyň makroykdysady görkezijileri nähili?

  • 04.12.2021 09:37
  • 5.9k+

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, on bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


şu gün 07:42
149

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......