Italiýa bilen Fransiýa täze taryhy şertnama baglaşdylar

  • 01.12.2021 08:53
  • 5.5k+

Ýakynda Italiýa bilen Fransiýa täze taryhy şertnama baglaşdylar. Oňa laýyklykda, iki ýurt tarapyndan köp sanly bilelikdäki başlangyçlara badalga berler, şeýle hem ýurtlaryň wekilleri biri-biriniň Ministrler Kabinetiniň Mejlislerine gatnaşarlar. Bu barada JPost-a salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

"Gol çekilen fransuz-italýan şertnamasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm ädimdir we birnäçe ugurda has ýakyn hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolar" diýip, Italiýanyň premýer-ministri Mario Dragi aýtdy.

Dragi Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen söhbetdeşlikde iki ýurduň energiýa we tehnologiýa, şeýle hem gözleg we innowasiýa ugurlarynda “hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine” başlajakdygyny aýtdy. Şeýle hem, ol Italiýanyň ministriniň çärýekde azyndan bir gezek Fransiýanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisine gatnaşjakdygyny we fransuz ministriniň hem şeýtjekdigini belledi.

“Gol çeken ösen hyzmatdaşlyk şertnamamyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardaky taryhy pursady alamatlandyrýar. Fransiýa bilen Italiýa diplomatik, söwda, syýasy we medeni gatnaşyklary has-da güýçlendirýär"-diýip, Dragi nygtady.


11.05.2026 18:16
4.6k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

24.04.2026 21:42
14k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

16.04.2026 14:57
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

15.04.2026 11:38
1.2k+

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....