Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyla ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy

  • 30.11.2021 11:55
  • 16k+

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. 

Maslahatyň dowamynda käbir ýolbaşçylar hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gezekli-gezegine hasabatlary berdiler. Türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegini we gurluşykda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda elektrik energiýasynyň bökdençsizligini ýola goýmak meselelerini berk gözegçilikde saklamak, Aşgabat şäheriniň häkimi şu günler paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, öňde boljak şanly seneleri, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününi, Täze ýyl baýramyny mynasyp derejede dabaralandyrmak, olar mynasybetli medeni çäreleri guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany çagyrdy. Wise-premýer öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işleri, Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň medeni maksatnamalary barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda belent başly Täze ýyl arçalaryny oturdyp, onuň çäklerinde baýramçylyk dabaralaryny mynasyp derejede guramagy tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlarynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde ýetişdirilen “ak altynyň” soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur işler geçirilýär. Halkara Bitaraplyk gününi, Täze ýyl baýramyny ajaýyp zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda hem zerur çäreler görülýär. 


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.1k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......