Aşgabatda YHG agza döwletleriniň DIM-leriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi

  • 27.11.2021 19:36
  • 10k+

Şu gün, 27-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlisiň başynda YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly çykyş etdi. Soňra YHG-nyň Baş sekretary Hysraw Nozirä söz berildi. Öz çykyşynda ol mejlise gatnaşyjylary mähirli garşylady we YHG-niň işleriniň häzirki ýagdaýy barada maglumat berdi.

Gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri, ol hem 15-nji Sammitiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri boldy. Bu ugurda ýokary derejeli duşuşygyň Gün tertibiniň, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň, şonuň ýaly-da çäräniň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary boýunça pikirler alşyldy.

YHG-niň agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda birnäçe ýyllaryň dowamynda mejlisiň geçirilmegi YHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek hem-de beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gurallaryň biri bolup durýandygy barada belläp geçdi.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde YHG-niň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň çykyşlary hem-de Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Mejlise gatnaşyjylar YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň sebitleýin taslamalary boýunça tekliplere (2021-2022-nji ýyllar) seredip geçdiler. Onda Guramanyň häzirki dowam edýän maksatnamalary we taslamalary hem-de hasabat berilýän döwürde gazanylan ykdysady ugurdaky sepgitleri beýan edilendir. Gün tertibine şeýle hem YHG-nyň  2025-nji ýyla çenli Garaýşy: Ösüş we baha bermek atly Ortamöhletli synyna seretmek, YHG-nyň arassa energiýa boýunça Merkeziniň döredilmegi baradaky Hartiýasynyň kabul edilmegi ýaly ugurlar hem girizildi we YHG-nyň Ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebitleýin institutlarynyň hem-de degişli edaralarynyň ýyllyk hasabatlary hem diňlendi.

Mejlisiň çäklerinde şeýle hem YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji duşuşygynyň hasabaty kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda birnäçe resminamalara, şol sanda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi.


düýn 20:14
842

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......