Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Özbegistana 100 müň tonnadan gowrak benzin eksport etdi

  • 26.11.2021 23:59
  • 9.2k+

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda goňşy Özbegistana 136 million litr benzin eksport etdi. Muňa Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu döwürde Özbegistan benziniň importyny, umumylykda, 40% artdyrdy diýip, özbek habar beriş serişdeleri ýazýar.

Türkmenistan Özbegistana awtomobil ýangyjyny ibermek boýunça ilkinji üçlüge girdi. Bu görkeziji babatda öňdeligi Özbegistana 142,3 million litr benzin eksport eden Russiýa eýeleýär. Üçlügi 2021-nji ýylyň on aýynda 16 million litr benzin eksport eden Gazagystan jemleýär.

Hasabat döwründe Özbegistanyň özünde 902,7 müň tonna benzin öndürildi. Onuň esasy bölegini AI-80 awtomobil ýangyjy eýeleýär. Özbegistan has ýokary hilli benzini işläp taýýarlamaklyga geçmek üçin 2022-nji ýylda onuň önümçiligini doly bes etmegi meýilleşdirýär.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......