Türkmen-özbek serhedinde iki sany gözegçilik-goýberiş nokady açylýar

  • 26.11.2021 23:54
  • 11k+

Penşenbe güni, 25-nji noýabrda türkmen we özbek ulag, gümrük gulluklary iki sany serhedara goýberiş nokadynyň bitarap zolaklarynda synag ýük daşamalaryny amala aşyrdylar. Bu goýberiş nokatlary 26-njy noýabrda işini dikeldýär.

Bu awtoulag ýol gözegçilik-goýberiş nokatlaryndan (GGN) yzygiderli galtaşyksyz ýük daşamalar amala aşyrylar. Gürrüň, «Köneürgenç—Hojeýli» we «Daşoguz—Şawat» nokatlary hakynda barýar. Bu gözegçilik nokatlary koronawirus pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylda ýapylypdy. B gözegçilik nokatlary hereket edýän «Farap—Olot» gözegçilik nokadynyň üstüni ýetirer.
GGN-leriň işi tirkegleriň we ýarym-tirkegleriň galtaşyksyz daşalmagyny guramak üçin arassaçylyk-epidemiologik kadalary berjaý etmek şerti bilen dikeldiler. Bu barada ylalaşyk 18-nji noýabrda ulag we logistika boýunça türkmen-özbek iş toparynyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren maslahatynda gazanyldy.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......