Türkmen diplomaty owgan wekilleri bilen köptaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

  • 25.11.2021 08:42
  • 7k+

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezowyň Hyrat şäherine bolan saparynyň çäklerinde Owganystanyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Sapar Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňişleýin görnüşdäki gepleşiklerinden başlandy. Soňra hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça iş toparlarynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada neutrality.gov.tm saýtynda habar berilýär. 

Bellenilişi ýaly, serhet we howpsuzlyk ugry boýunça geçirilen iş toparyň duşuşygynda  türkmen-owgan serhediniň asudalygyny gorap saklamak hem-de Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan iri ykdysady taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
TOPH gaz geçirijisi boýunça geçirilen duşuşykda taraplar agzalan taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp meselelerine seredip, “Hyrat menzili” strategiýasy bilen bagly meseläni hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar TOP elektrik geçirijisiniň taslamasy, Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollarynyň gurluşygy, ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly ugurlar boýunça jikme-jik pikir alyşdylar.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......