28-nji noýabrda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geler

  • 24.11.2021 23:00
  • 9k+

28-nji noýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada özbek habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanynyň çykyşyna salgylanyp habar berýär.

Aşgabatdan soň, Mirziýoýew Gazagystana, ondan soňra bolsa Koreýa Respublikasyna barar. Saparlaryň maksady täze maýadarlary çekmek we strategiki hyzmatdaşlar bilen has ýakyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bolup durýar.
19-njy noýabrda özbek Lideri Russiýada boldy. Bu Mirziýoýew üçin ikinji gezek Prezidentlik möhlete saýlanandan soňky ilkinji daşary ýurt sapary boldy.
Türkmenistana Özbegistanyň Baştutany Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin awgust aýynda gelipdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji oktýabrda Özbegistana sapar bilen bardy.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......