«Rönesans Holding» Türkmenistanda täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşar

  • 20.11.2021 19:41
  • 12k+

Köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyndan soňra, türkmen Lideri “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda käbir wise-premýerleriň gatnaşmagynda iş maslahaty hem geçirildi.        

Mälim bolşy ýaly, “Rönesans Holding” kompaniýasy Türkmenistanda işlän ýyllarynda möhüm düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny amala aşyrdy. Şol desgalaryň hatarynda köpugurly işewür merkezli “Garagum” oteli hem bar. Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýanyň işine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Erman Ylyjak “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanyň innowasion ösüşine, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Soňra döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de  “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, suw süýjediji desgalaryň gurluşygynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny netijeli ulanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde türkiýeli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda Türkmenistanda täze elektrik stansiýalaryny gurmaga hem-de bu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, “Rönesans Holding” kompaniýasy ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Mary welaýatynda “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşdy.

Işewür türkmen Liderine türk kompaniýasynyň ýurdumyzda amala aşyrýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça  taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtady.


şu gün 19:25
274

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......