Serb kompaniýasy «Armani» moda öýüniň täze egin-eşik öndürijisi boldy

  • 18.11.2021 16:28
  • 2.6k+

Serbiýanyň günortasyndaky Raşka şäherinden “Luss tekstil” kompaniýasy Italiýanyň “Armani” moda öýi bilen şertnama baglaşdy. Bu barada PKS dokma assosiasiýasynyň geňeşçisi Nemanýa Ýowanowiç Serbiýanyň PTC merkezi telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Harytlaryň Hytaýdan Ýewropa daşalmagy sekiz esse gymmatlady. Koronawirus pandemiýasyndan öň bir konteýneriň daşalmagy, takmynan, 3 müň dollardy, häzir bolsa 23 müň dollar. Şeýle ýagdaýda kompaniýalar täze iş hyzmatdaşlaryny gözläp başladylar, “Armani” ony biziň “Luss tekstil” kompaniýamyzda tapdy” – diýip, Ýowanowiç aýtdy.

Dizaýnerden balaklar, jinsiler we kurtkalar Serbiýada öndüriler, “Armani” üçin Raşka şäherinden ilkinji iberiliş indiki ýylyň ýanwar aýyna meýilleşdiriýär. Ýowanowiç şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Serbiýanyň dokma önümleriniň daşary bazarlara eksportynyň artandygyny we onuň 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8% ýokary bolandygyny sözüniň üstüne goşdy. 
Serbiýa senagatynyň bu pudagynda esasy hyzmatdaşlar Italiýa, Fransiýa, Germaniýa, Awstriýa we Russiýadyr.


19.05.2025 22:42
4.7k+

Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler...

06.04.2025 21:08
2.5k+

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden soň Milandaky esasy dükanyny açýar

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden Milanda (Italiýa) ýerleşýän flagman butigini açýar. Brend şähere, onuň dizaýn taryhyna we Lombardiýa sebitiniň arhitekturasyna hormat goýýar diýip, «WWD» habar berýär. Neoklassyky...

14.03.2025 06:00
5.2k+

Zaha Hadidiň binagärlik edarasy Neapolda Wezuwiýe meňzeş diňleri gurar

Ady rowaýata öwrülen Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects (ZHA) binagärlik edarasy Neapolyň gündogar çetinde gurmak üçin jübüt binanyň taslamasyny hödürledi. Polatdan we betondan gurulmaly...

29.01.2025 15:44
2.2k+

Italiýanyň hökümeti moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berer

Italiýanyň hökümeti zawodlaryň köpçülikleýin ýapylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berýändigini yglan etdi. Maliýe serişdeleri kompaniýalaryň durnuklylygyny üpjün etmek...